WindFree™ Şemalsyz rahat salkynlyk

Samsung WindFree™
innowasiýaly tehnologiýa

Howany ýyladyş, sowadyş we kondisionirleme boýunça inženerleriň Amerikan jemgyýetiniň (ASHRAE) kesgitlemesi boýunça, hereketsiz howa - bu şemal döretmezden 0,15 m/s tizlik bilen hereket edýän howa akymydyr. Samsung WindFree™ innowasiýaly tehnologiýa - giňişligi deň ölçegli we rahat sowatmak üçin "hereketsiz howany" ulanýan, ýeketäk ulgamdyr.¹

Artykmaçlyklary

Rahat salkynlyk

WindFree™ tehnologiýasy bilen, siz indi şemallardan gorkman bilersiňiz - Samsung howa sowadyjylary, otagy çalt sowadýar we hownyň sowuk akymlaryny döretmeýärler. Bu ýagdaý, salkyn howanyň 23 000 mikroyşlar arkaly otagyň meýdany boýunça de ölçegli ýaýramagy saýasynda bolup geçýär.

Tizleşdirilen sowadyş tertibi

Siziň jaýyňyzyň islendik böleginde we islendik wagtda ýakymly salkynlygy duýmak üçin, otagy çalt sowadyň. Digital Inverter Boost, howany 43% göterim çaly sowatmaga mümkinçilik berýär.² BU tehnologiýa bilen kämilleşdirilen howa sowadyjylarda, wentilýator 15% göterim uly, giriş yş 18% göterim, žalýuzilar bolsa 31% göterim giňdir. Şeýlelik bilen, sowuk howa otagyň her bir burçuna düşüp, 15 metr aralyga çenli has uzaga we giňlige ýaýraýar.

Has az güwwüldi

WindFree™ bilen, işläp duran howa sowadyjynyň sesi sizi rahatsyzlandyrmaz. Adaty tertip bilen deňeşdirilende, WindFree™ pes tizlikli sowadyş sessiz işleýşi bilen tapawutlanýar we dynç alyşyň ýa-da ukynyň dowamynda päsgel bermeýär.

*Güwwüldiniň pes derejesi, ýaňlanma täsiri bolmadyk otagda synaglar bilen hem tassyklanan.

*Güwwüldiniň pes derejesi, ýaňlanma täsiri bolmadyk otagda synaglar bilen hem tassyklanan.

Şemalsyz salkynlyk

Tygşytlaýjy energiýa sarp edilişi

WindFree™ tertibinde işleýşiň dowamynda, daşky bölek iň az kuwwatlykda işleýär, adaty sowadyş tertibine garanyňda has az elektrik energiýasyny sarp edýär. Şeýlelik bilen, elektrik energiýasy üçin çykdajylar babatda alada etmän, rahat salkynlygy hemişe saklap bilersiňiz.

Sesli kömekçi

Samsung split-ulgamlary indi, Alisa sesli kömekçiniň ýardamy bilen sesli dolandyryşy goldaýarlar.

“Samsung” -yň Türkmenistanda resmi hyzmatdaşlary

Resmi hyzmatdaşlardan Samsung önümlerini Türkmenistanda satyn alyň