Tutuş maşgala üçin uly sowadyjy

Купить большой емкостный холодильник с увеличенным внутренним объемом у официальных партнеров Samsung в Армении. Вместительный встраиваемый Side-by-Side холодильник Samsung RS с двумя дверцами встроен в кухню.

Içinde has köp giňişlik

SpaceMax™ tehnologiýasy

617 litrlik* giň sowadyjy, öz içine has köp iýmit önümlerini sygdyrýar. Ýeketäk SpaceMax™ tehnlogiýasy, ykjam we ýokary netijeli izolýasiýany ulanmagyň hasabyna, diwarlaryň galyňlygyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý, şol bir gabara ölçeglerde we sowadyjynyň ýokary netijeliliginde, iýmit önümlerini saklamak üçin goşmaça giňişligi boşadýar.

Большие вместительные холодильники объёмом 617 литров с технологией SpaceMax в продаже в Армении в магазинах партнёров Samsung

*Göwrümi anyk modele bagly bolup durýar..

Deň ölçegli sowadyş

All-Around Cooling ulgamy

Ähli iýmit önümleri, sowadyjynyň her bir çüňkünde degişli tertipde sowadylýar. Deň ölçegli sowadyş ulgamy, üznüksiz temperatura gözegçilik edýär we sowuk howanyň akymyny üpjün edýär, şonuň saýasynda iýmit önümleri öz terligini uzak möhletleýin saklaýarlar.

Uzak ömürli we energiýa tygşytly

Inwertor kompressor

Samsung inwertor kompressory, düýpli derejede energiýa sarp edilişini tygşytlaýar hem-de talap edilýän sowadyş derejesine baglylykda, işleýişiň tizligini awtomatlaşdyrylan usulda sazlaýar. Bu ýagdaý könelmäni we güwwüldini azaldýar. Inwertor kompressor üçin 20 ýyllyk kepillik berilýär.

Uzak möhletleýin ter iýmit önümleri

Metal Cooling sowadyş plastinasy

Iýmit önümleri, hatda ýygy-ýygydan gapylaryň açylyp ýapylmagynda hem örän gowy saklanýarlar. Sowadyjynyň arka diwaryndaky Metal Cooling polat plastinasy, iş kameralaryndaky iň amatly temperaturany üpjün etmäge ýardam berýär. Ol sowugy saklaýar, gapy açylanda sowadylan howanyň syzmagyna päsgel berýär we gapy ýapylanda zerur temperaturany çalt dikeldýär.

Kaşaň we wezipeli

Oýlanşykly bezeg

Siziň içki bezegiňiziň owadan we döwrebap goşundysy. Sowadyjy, standart görnüşli durmuş tehnikasynyň we aşhana mebeliniň ölçeglerini hasaba almak bilen taslamalaşdyrylan. Içine çuňlaşdurulan tutawaçlar bilen tekiz gapylar, sowadyjynyň öň tarapyna goşmaça kaşaňlygy berýär.

Tizleşdirilen sowadyş we doňduryş

Power Cool / Power Freeze wezipeleri

Çalt sowadyş mümkinçiliklerinden peýdalanyň. Power Cool (Kuwwatly sowadyş) tertibiniň düwmesi basylanda, siziň iýmit önümleriňizi we içgileriňizi çalt sowatmak üçin, sowuk howanyň güýçli akymyny sowadyjynyň kamerasyna gönükdirýär. Power Freeze (Kuwwatly doňduryş) doňduryş kamera sowuk howanyň akymyny üpjün edýär. Ol iýmit önümlerini doňdurmak ýa-da buz taýýarlamak üçin örän gowy laýyk gelýär.

В холодильниках Samsung режим быстрого охлаждения и мощной заморозки запускается одной кнопкой и поможет быстро охладить вино или заморозить рыбу

Aladasyz suw we buz

Ykjam özbaşdak dispenser

Sowadyjyny suw geçirijä birikdirmek zerurlygy bolmazdan, ony islendik ykjam ýerde gurnap bilersiňiz. Özbşadak dispenseriň, suw üçin öz sygymly gaby bardyr.


Buz bölekleriniň ykjam saklanylyşy

Awtomatlaşdyrylan buz emele getirijisi

Buz emele getiriji, buzy taýýarlaýar we ony saklaýar. Şol bir wagtda enjam, iýmit önümleri üçin has köp göwrüm galdyryp, köp ýer eýelemeýär.

Лучший вместительный холодильник с льдогенератором Лучший вместительный холодильник с льдогенератором


Keseki yslar bolmazdan, iýmit önümleriň tebigy hoşboý ysy

Yssyzlandyrýan süzgüç

Iýmit önümleriniň tebigy tagamyny we hoşboý ysyny uzak wagtlap saklap, sowadyjynyň iş kamerasynda yslary aýyrýar. Içine gurnalan, tebigy süýümlerden yssyzlandyrýar süzgüç, işjeňleşdirilen kömürden ýasalan süzgüçlerden üznüksiz howa geçirip, yslary aýyrýar. Ýakymsyz yslar bilen göreşmek üçin goşmaça çözgütler talap edilmeýär.

Лучшие холодильники с большим объемом холодильной камеры оснащаются дезодорирующим фильтром, который устраняет посторонние запахи в холодильной камере и поддерживает первоначальный аромат продуктов Лучшие холодильники с большим объемом холодильной камеры оснащаются дезодорирующим фильтром, который устраняет посторонние запахи в холодильной камере и поддерживает первоначальный аромат продуктов


Has köp gök önümler we miweler

Gök önümler üçin guty

Vege Box sygymly bölümçede. ter gök önümleriň we miweleriň köp mukdaryny saklamak ykjamdyr. Aşhananyň gymmatly ýerini eýelemän, size zerur bolan ähli zatlary çalt tapmaga mümkinçilik berýär. Peýdaly gök önümleri we miweleri aňsat tapyp bolmagyň hasabyna, siz olary öz iýmitiňize ýygy-ýygydan goşmagy islärsiňiz.

Soraglar we jogaplar

  • Side-by-Side sowadyjy näme diýmek?

    Bu çep tarapynda doňduryş kameraly, iki gapyly sowadyjy. Adatça, Side-by-Side sowadyjylaryň modelleri, örän sygymlydyr hem-de sowadyş we doňduryş kameralaryň uly göwrümine eýedirler.
  • Islege baglylykda, islendik höwese we öýüň meýdanyna görä sowadyjyny saýlap bolar. G555xB1635xÇ637mm ölçegli we 255 litr peýdaly göwrümli, doňduryş kamera bilen, iki kameraly sowadyjydan başlap, G912xB1780xÇ716 mm ýa-da has uly ölçegli, 617 litr uly peýdaly göwrümli, sygymly doňduryş kameraly sowadyja çenli.
  • Sowadyjy saýlananda, maşgalanyň düzümin hem-de gowy görülýän tagamlary we iýmit önümlerini hasaba almak maslahat berilýär. Peýdaly göwrüm näçe uly bolsa - şonça-da onuň içinde has köp nahar ýerleşer. Eger-de siz sowuk suwy ýa-da içgilere buz goşmagy gowy görýän bolsaňyz, giň açylýan hem-de suw we buz üçin dispenserli modellere üns bermek zerurdyr. Köp tizlikli inwertor kompressor, hemişel temperaturany üpjün eder, bu bolsa önümleriň terligini has uzak saklaýar. Side-by-Side sowadyjylarda, islendik içki bezege aňsatlyk bilen laýyk geljek, reňkleriň giň saýlawy bardyr.
  • Bu internet-saýt we onuň mazmunyny diňe maglumat häsiýete eýedigine hem-de hiç-hili şertlerde düzgünleri bilen kesgitlenýän, jemgyýetçilik geleşik teklibi bolup durmaýandygyna Siziň ünsüňizi çekýäris. Görkezilen harytlaryň barlygy we bahasy hakynda jikme-jik maglumatyň alynmagy üçin, Siz Samsung-yň resmi hyzmatdaşlyk dükanlaryna ýüz tutup bilersiňiz.
  • Esasy wezipe, esasy häsiýetnamadan tapawutlanyp biler.

“Samsung” -yň Türkmenistanda resmi hyzmatdaşlary

Resmi hyzmatdaşlardan Samsung önümlerini Türkmenistanda satyn alyň